English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
AMERIKAN ET SENAGATY

Oba hojalygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halk hojalygynyň uly pudagy bolup, ol ýurduň Jemi Umumy Önüminiň 3 göterimini öndürmegi üpjün edýändir. Oba hojalygynda ABŞ-nyň işçi güýjüniň takmynan 17%-i işleýändir, başga sözler bilen aýdanyňda, her altynjy işçi ýeri ol ýa-da beýleki usulda ferma bilen baglydyr. Oba hojalyk önümleriniň 22%-i (bu 37 milliard dollardyr) eksporta gidýändir; olardan 2,6 milliardy eksport edilýän sygyr, doňuz, goýun etleri we subönümleridir.

ABŞ-nyň azyk önümçiligi her ýyl 427 milliard dollarlyk möçberde önüm öndürýändir. Bu önümçilikde 12 million işgär işleýär. Önümçilik prosesiniň tehnologiki kämilligi we ýokary netijeliligi amerikan fermerlerine arzan önümi öndürmäge we diňe öz ýurdunyň däl, eýsem, belli bir derejede, bütin dünýäniň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Orta amerikan fermeriniň öndürýän iýmitleri 128 adamy iýmit bilen üpjün etmäge ýeterliklidir. Fermer önüminiň ýokary netijeliligi we öndüriliş bahasynyň arzanlygy Birleşen Ştatlaryň et senagatynda sygyr, doňuz we goýun etlerini ähli planetanyň nahar saçagyna getirmekligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Towuk öndürilişi

Ähli et önümlerinden towuk iň meşhurydyr. Bu geň zat däldir, sebäbi towuk proteinlere, A we E witaminlerine baýdyr hem-de gerekli derejede az kaloriýalydyr. Ýene-de, onda beýleki et önümlerine garanyňda ýag we holesterin azdyr. Her ýyl Birleşen Ştatlar 14 million tonnadan gowrak guş etini (towuk, hindi towugy, ördek) we 77 million tebigy ýumurtgalary öndürýär. Öndürijiler ösdürmekden başlap paýlanyşa çenli ähli ýerlerde hiliň ýokary ülňülerini (standartlaryny) saklaýarlar.

Esasan, Delawardan Tehasa çenli aralykdaky günorta-gündogar ýarymaýda ýerleşen, towuklary öndürýän amerikan sebitinde, broýlerler şahsy eýeçilikdäki fermerler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Bugdaý we soýa ýaly proteine baý bolan däneler bilen bakylan broýlerler howa gözegçiligi bilen üpjün edilen awtomatlaşdyrylan towukhanalarda 7 hepdäniň içinde bazarda gerekli ölçeglere çenli ösdürilip ýetişdirilýärler. Guş fabriklerinde her gün jikme-jik sanitar arassalanylyşy geçirilýär. Amerikan öndürijileriniň aglabasynyň guş fabriklerinde kämilleşdirilen ylmy-barlag laboratoriýalary bardyr hem-de olar öz ştatlaryndaky uniwersitetler we ylmy-barlag laboratoriýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Bu bolsa köp fabriklere ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan goýlan ýokary ülňülere ýetmeklige mümkinçilik berýär.

Sygyr etiniň öndürilişi

Iri şahly mallary (IŞM) ösdürip ýetişdirmek amerikan oba hojalygynyň iň kuwwatly pudagydyr: milliondan köpräk fermalarda we rançolarda IŞM ösdürilip ýetişdirilýär, esasy sürüniň sany 100 million başdan geçýändir.

Sygyr etini ösdürip ýetişdirýänleri üç sany esasy toparlara bölüp bolar:

Fermerler we rançolaryň eýeleri – bular öz ellerinde senagat sürülerini saklaýarlar hem-de mallary semretmek üçin bakýarlar we ene mallaryň başlaryny ösdürip ýetişdirýärler;

Maldarlar-operatorlar – bular semretmäge başlamazdan öňki başlangyç gerekli agrama çenli ýetişmäge mümkinçilik bermek üçin ýaş mallary örülerde saklaýarlar;

Semretmek boýunça hünärmenler – bular mallary, ýöriteleşdirilen fermalarda, tä soýulýan ýerlere ugradylýança semretmek bilen meşgul bolýanlardyr.

Sygyr etini öndürmekligiň islendik gatnaşyjysynyň işi ahyrky önümiň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmekligi maksat edinýän berk gözegçilik astynda saklanylýar.

Doňuz etiniň öndürilişi

Doňuz etini öndürmek Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetiniň durmuş taýdan wajyp bölegidir. Amerikan doňuz etini öndürijileriň üstünlikleri haýwanlary ösdürip ýetişdirmegiň we iýmitlendirmegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýandyr, olaryň netijesinde bolsa has ýagsyz et önümleri alynýar. 50-nji ýyllardaky öndürilen doňuz eti bilen deňeşdirilende häzir öndürilýän et ýagy 50% az saklaýar. Progressiw seçgi-çaknyşdyrmak (seleksiýa) işi we kross-bred (özara garyşyk) tohumlaryny almak, semretmekligiň berk dolandyrylýan tehnologiýasy bilen bilelikde, daşarky ýag gatlaklarynyň orta galyňlygyny 40-njy ýyllaryň başyndaky 7,3 santimetrden häzirki wagtdaky 2,8 santimetre çenli azaltdy. Amerikan doňuz etiniň has üstünlikli satylýan bazarlary Ýaponiýa, Meksika, Kanada we Karib basseýniniň ýurtlarydyr.

Goýun etiniň öndürilişi

Birleşen Ştatlarda ýaş we ýetişen goýunlaryň etini öndürmekde 100000 adam işleýär. Harytlyk süri takmynan 10 million başdyr, her ýylky öndüriliş bolsa 151,36 million kilogramdyr. Amerikan goýun etiniň has ösen satyş bazarlary Kanada we Meksikadyr.

Birleşen Ştatlaryň et senagatynyň berjaý etmeli düzgünlerini we görkezmelerini işläp düzmeklik Oba hojalyk ministrliginiň (USDA) üstüne ýüklenendir. USDA etiň hiline barlag ulgamyna gözegçilik edýär hem-de eti eksport etmeklige baglanyşygy bolan ähli gaýtadan işleýän kärhanalary bahalandyrmagy we olara şahadatnama bermekligi amala aşyrýar.

ÖNÜMLER

Güş eti we subönümler (subproduktlar)
(Gril üçin towuklary, towuk we hindi towugynyň butlaryny (okoroklaryny) we ganatlaryny, towugyň we hindi towugynyň ýarym fabrikatlaryny)

Sygyr etini we sygyr etiniň subönümlerini
(sygyr bagryny bütinleý we kesilen görnüşlerde, sygyr ýüreklerini, sygyr etinden ýarym fabrikatlary)

Doňuz etini we doňuz etinden subönümleri
(doňuz bagryny, “meýdanda oturylyşyk” (“piknik”) atly doňuz etini, doňuz etinden ýarym fabrikatlary)

Lamb
(shoulder, rib, loin, leg)

SJS USA, INC.
U.S. Headquarters
311 North Robertson Blvd., Suite 800, Beverly Hills, California 90211 U.S.A.

E-Voice: +1.323.395.0770
E-Fax: +1.323.395.0707