English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
KOMPANIÝA HAKYNDA

SJS USA Inc. - ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde ştab-kwartirasy bolan amerikan korporasiýasydyr. Korporasiýanyň işiniň esasy ugry – iýmit önümleriniň giň assortimentini senagatda gaýtadan işlemek hem-de ilata bölekleýin satmak üçin öndürmek we eksport etmekdir. Eýýäm 12 ýýl bäri SJS USA, Inc. Orsyýediň, Baltika we GDA ýurtlarynyň bazaryny iýmit önümleri bilen üpjün etmek boýunça ýöriteleşip gelýändir.

Hile gözegçilik, çalt getirmeklige kepil geçmek, ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň we import ediji ýurtlaryň döwlet edaralarynyň talaplaryna berk eýermek korporasiýanyň ilkinji nobatdaky meseleleri bolup durýar. Korporasiýanyň ähli öndürýän we eksportirleýän önümleri gerekli weterinar we fitosanitar şahadatnamalaryna, gelip çykyşy (öndürilişi) we hili baradaky şahadatnamalara eýedirler, bu bolsa biziň hyzmatdaşlarymyzyň ýükleri gümrükhana we weterinar gulluklaryndan çalt geçirmekligini üpjün edýär. ABŞ-daky Rus dilinde gepleşmegi başarýan işgärler düzümimiz we ýerlerdäki wekillerimiz elmydama sargytçylara hyzmat etmäge taýýardyrlar.

SJS USA, Inc. ABŞ-nyň eksport kreditlerine kepil geçýän GSM-102/103 federal maksatnamasynyň hasaba alnan gatnaşyjysydyr.

SJS USA, Inc. - Sankt-Peterburg şäheriniň portunyň üsti bilen Orsyýede her aýda, Poti şäheriniň portunyň üsti bilen bolsa Zakawkaz ýurtlaryna her çärýekde aşakdaky iýmit önümlerini öz içine alýan çuňňur doňdurylan önümleriň esasy toparlaryny getirmekligi üpjün edýär:

Güş eti we subönümler (subproduktlar)
(Gril üçin towuklary, towuk we hindi towugynyň butlaryny (okoroklaryny) we ganatlaryny, towugyň we hindi towugynyň ýarym fabrikatlaryny)

Sygyr etini we sygyr etiniň subönümlerini
(sygyr bagryny bütinleý we kesilen görnüşlerde, sygyr ýüreklerini, sygyr etinden ýarym fabrikatlary)

Doňuz etini we doňuz etinden subönümleri
(doňuz bagryny, “meýdanda oturylyşyk” (“piknik”) atly doňuz etini, doňuz etinden ýarym fabrikatlary)

Et önümlerini
(sosiskalary, kolbasalary, sardelkalary, wetçinalary we ş.m.)

Senagatda gaýtadan işlemek üçin et önümlerini
(mehaniki usulda kaklanan (şakgalanan) guş etini, towuk bagryny, guş iç-goşlaryny, süňkli böleklerini we ş.m.)

Balyk we deňiz önümlerini
(takgaz, gyzyl balyk, hek, skumbriýa, stawrida, treska we ş.m.)

Bulardan başga-da biziň müşderilerimiziň şahsy sargytlary boýunça ýumurtga, peýnirler, sary we ak ýaglary, şeker ýalylary öž içine alýan iýmit önümleriniň beýleki toparlaryny getirmegi hem gurnap bileris.

SJS USA, Inc. - bu önümleriň giň assortimenti we ýokary hili, bazary bilmeklik we bahalaryň ýaryşmaklyga ukyplylygy, ygtybarly we öz wagtynda getirmekligiň kepil geçilmegi diýmekdir.

Biz Sizi we Siziň wekilçilik edýän kompaniýaňyzy göni, uzak wagtlaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrmaklyk mümkinçiligine şatdyrys.

ÖNÜMLER

Güş eti we subönümler (subproduktlar)
(Gril üçin towuklary, towuk we hindi towugynyň butlaryny (okoroklaryny) we ganatlaryny, towugyň we hindi towugynyň ýarym fabrikatlaryny)

Sygyr etini we sygyr etiniň subönümlerini
(sygyr bagryny bütinleý we kesilen görnüşlerde, sygyr ýüreklerini, sygyr etinden ýarym fabrikatlary)

Doňuz etini we doňuz etinden subönümleri
(doňuz bagryny, “meýdanda oturylyşyk” (“piknik”) atly doňuz etini, doňuz etinden ýarym fabrikatlary)

Et önümlerini
(sosiskalary, kolbasalary, sardelkalary, wetçinalary we ş.m.)

Senagatda gaýtadan işlemek üçin et önümlerini
(mehaniki usulda kaklanan (şakgalanan) guş etini, towuk bagryny, guş iç-goşlaryny, süňkli böleklerini we ş.m.)

Balyk we deňiz önümlerini
(takgaz, gyzyl balyk, hek, skumbriýa, stawrida, treska we ş.m.)

SJS USA, INC.
U.S. Headquarters
311 North Robertson Blvd., Suite 800, Beverly Hills, California 90211 U.S.A.

E-Voice: +1.323.395.0770
E-Fax: +1.323.395.0707