English version Russian version Armenian version Azerbaijan version Georgian version Kazakh version Turkish version Turkmenian version Ukrainian version
Glossary

AZIÝA STILI(ASIAN STYLE) – Bu usul, Aziýanyň däp bolan adaty Stili diýlip hem atlandyrylýar we köplenç ýaş ördeklere degişlidir,  adatça, bu usulda kellesini we aýaklaryny hasaba alman  we olara degmän haýwanyň karkasyny bitinlikde gaýtadan işleýärler.

GOÝUN ETI (MUTTON) – fziliologik taýdan ýetişen goýunlaryň we goçlaryň läşiniň eti. Adatça bu haýwanlaryň soýlan pursatynda 24 aýlyk ýaşa ýetendiklerini aňladýar.

BARBEKÝU (ÇIŞDE BIŞIRILEN ET) (BARBECUE) Eti grilde, çişde ýa-da ýanyp duran közleriň ýokarsynda ýuwaşlyk bilen gowurmak. Adatça, açyk howada  geçirilýär we ete sous guýulmagy öž içine alýar.  Adatça barbekýu üçin etiň has ýumşak bölekleri ulanylýar ýa-da et öňünden marinada ýatyrylýar. Ýylylygyň çeşmesi önümiň aşagynda ýerleşdirilýär.

AK ET(WHITE МЕАТ) Hindi ýa-da ýönekeý towugyň kükregindäki (döşündäki), ganatlaryndaky we kebzesindäki et. Ol ýerlerdäki deri muňa girenok.

YAÝJYK SÜŇKSIZ(RATITE) – Tekiz kükrek süňki bolan uly, uçmaýan guş. Ýaýjyk süňksizler – bular, esasan, duýeguş, ema we nandu ýaly guşlardyr. AŞD-da bu guşlaryň öý haýwanlary ýaly soýulýandygy we gaýtadan işlenilýändigi sebäpli olar ABŞ-nyň Oba hojalyk Minisrligi tarapyndan öý haýwanlary hökmünde görülýändirler.

KAKLAMA(ETINI AÝYRMA) ÜÇIŇ BROÝLERLER(BROILERS FOR DEBONING) – Bäş ýa-da alty futluk, naggets, köke, file ýa-da olara meňzeş süňksiz önümler üçin elde kaklanan (eti aýrylan)  bişirilmäge taýýar jüýjeler.

WAKUUM GAPLANYŞY(VACUUM PACKED) – Eti laminirlenen plastic haltajyklara ýerleşdirmek, çuň wakuum şertlerinde olardan howany aýyrmak we haltajyklary ýapmak prosesi. Wakuum gaplaýyş etiň saklanyş möhletini uzaldýar, bu bolsa onuň eksport daşamalaryny ýerine ýetirmegi we doňduryjylarda-sowadyjylarda has uzak saklanmagyny üpjün edýär.

WAKUUM BIŞMEKLIK(KEMALA GELMEKLIK)(VACUUM AGING) – Wakuum gapda ýerleşdirilen sowadylýan etiň öz şiresinde bişmegi (ýetişmegi), bu proses “Çyglaýyn bişmeklik” diýlip hem atlandyrylýar.

GAÝNADYLMAK(BOIL) – Eti suwda ýa-da başga suwuklykda bişirmek prosesi, bu usulda buguň köpürjikleri elmydama üste çykýar. Gaýnatmaklyk çyglygy ulanýan gyzgyn prosesdir we adatça, etiň has gaty böleklerini taýýarlamak üçin ulanylýar.

BRUTTO AGRAMY(GROSS WEIGHT) – Önümleriň, olaryň gaplarynyň we gaplaýyş materiallarynyň agramlary, bu ýerde konteýneriň we beýleki ýüzugur materiallaryň (dolaýjy, saraýjy we ş.m.) agramlary hem hasaba alynýar.  

WETÇINA(НАМ) –Doňzuň läşiniň aýagynyň spesiýalar we konserwantlar bilen işlenen eti, ýa-da şu hilli etiň işlenen we kakadylan görnüşi. Kulinar işlenişi geçirilmedik wetçina täze (ter) okorok diýlip atlandyrylýar.

WOG (WOG) – Iç-goşsuz we boýunsyz satylýan broýlerlere dakylan at (adalga).

BUGLAMAK(DAGLAMAK)(ВАКЕ) – Gury (çygsyz) otda bişirmek. Bu usulda eti taýýarlamaklyk rosting (gury otda daglamak) diýlip atlandyrylýar.

ÇYLKA ET(TENDERLOIN) – Kükrek süňküne parallel, gapyrgalara ýapyşyp duran içki kükrek myşsasy.

KEPDERI(PIGEON) – 3-4 hepdä çenli ýaşly kepderi. Azyk senagatynda ulanylmaýar. Eti gaty, derisiniň  bolsa gurluş aýratynlyklary gödek.

BIŞIRILMÄGE TAÝÝAR(READY – ТO - СOOK (RTC)) – Gaýtadan işlenilen we bişirilmäge taýýar bitin karkaslar ýa-da bölekler.

KEKEÇ(COMB) – Horazyň kellesindäki, diş-diş görnüşli  etli ýa-da kekirdewükli çykyntgy.

KEKEÇJIK(SNUDE) – Hindi towugynyň kellesindäki diş-diş görnüşini üýtgedýän etli ýa-da kekirdewükli çykyntgy.

SÜŇKSIZ DÖŞ ETI (BONED BREASTS) – Käwagtlar kotletler hökmünde belgilenýärler. Ýüz göterimini (ählisini) iýip bolýan agymtyl açyk reňkli et. Süňksiz döş etleri derili we derisiz bolup bilerler, kotletler adatça derisiz satylýar.

ÝABANY ÖRDEК(WILD DUCK) – Uzynburun Gyzylkelle tüňňele, Jünekeý ördek we ş.m. ýaly ýabany ördekler  Guşlaryň Migrasiýasy boýunça Halkara şertnamalara görä kanunyň goragy astyndadyrlar.

ÝABANY GAZ(WILD GOOSE) - Ýabany gazlar, mysal üçin, Kanadadan gelän gazlar, Guşlaryň Migrasiýasy boýunça Halkara şertnamalara görä kanunyň goragy astyndadyrlar.

GOWURMAK(FRY) – Eti haýwan ýa-da ösümlik ýagynda bişirmegi aňladýar (Saçda, gapaksyz, ýagyň az mukdarynda we  etden çykýan, artykmaç hasap edilýän ýagy aýyrmak bilen adaty gowurmaklyk Iňlisçe Panbroiling diýlip atlandyrylýar. Iň az mukdarda ýag ulanyp gowurmak başgaça Panfrying diýlip hem atlandyrylýar.  Oňümi gyzgyn ýaga doly çümdürip, ýagny fritýurda taýýarlamak  Deep-Fat Frying  diýlip atlandyrylýar).

AÇYK OTDA GOWURMAK(BROIL) – “Barbekýu” makalasynda ýazylyşy ýaly, önümi ýylylygyň gös-göni gelýän şertinde taýýarlamak; emma, ýylylygyň çeşmesi, gyzgyn howa bilen gyzdyrylýan şkafda (duhowoý şkaf) ýokarky ýyladyjy elementi ulanandakly ýaly, önümiň üstünde ýerleşýär.

DIRI AGRAM(LIVE WEIGHT) – Diri guşuň agramy.

SUWUKLYKLAR TARAPYNDAN ÝUMŞADYLMAK(LIQUID TENDERIZATION) – Läşiň etli böleklerini ýumşatmak üçin islendik suwuk enzimleri ulanmak. Ulanylýan suwuklyklaryň mysallary: papain, limon kislotasy we beýleki az kislotaly soklar.

YZKY TARAP(HINDSADDLE) – Goýun ýa-da göle läşiniň böleklere (çärýeklere) bölünmedik yzky ýarysy.

YZKY CÄRÝEK(HINDQUARTER) – Sygyr ýarym läşiniň yzky ýarysy; oňa file bölegi, buduň çylka ýeri, uja we 13-nji gapyrgadan başlap gapyrgaly bölek hem girýär.

DOŇDURYLAN(FROZEN) – Aşak, etiň doňýan temperaturasynda gaýtadan işlenilen et.

ÝYLYNY GYRAWLATMAK(FREEZER BURN) – doňdurylan etde çyglylygyň ýitirilmegi we oksidirleme sebäpli reňkiň üýtgemegi.

BUGLAMAK(ВАКЕ) – Gury ýylylygy ulanýan taýýarlaýyş prosesi (mysal üçin, gyzgyn howa bilen gyzdyrylýan şkafdaky ýaly).  Ete gezek gelende ony gowurmak diýip hem atlandyrýarlar we has näzik bölekleri taýýarlamak üçin ulanýarlar.  Ähli prosesiň dowamynda suw goşulmaýar.

MAÝDALANAN(ÜWELEN)(COMMINUTED) – Et üweýän maşyndan geçirmek, çapmak we kubikler görnüşinde kesip bölmek ýaly usullaryň kömegi bilen owunjak bölejiklere bölünen et.

AÝRYBAŞGALYKDA ÇALT DOŇDURMAK(IQF) – Gaýtadan işleneniniň yzysüre örän pes temperaturada şol bada doňdurylan et bölekleri.

INKUBATORIÝ(HATCHERY) – Jüýjeler çykmaly ýumurtgalar goýlan uly inkubatorlar ýerleşdirilen desga.

INÝESIRLENEN(INJECTED) – marinada ýatyrylan, ýa-da,  myşsalaryň üsti bilen inýeksiýa, o bolmasa-da eti kaklamak arkaly ýörite erginler siňdirilen et bölekleri. “Doldurylan” diýlip hem atlandyrylmagy mümkin.

SATYN ALNYŞY ÝALY(AS-PURCHASED (А.Р.)) – Predmetleriň üpjün edijiden satyn alnan ýa-da alnan wagtyndaky şertleri ýa-da bahalary.

HYZMAT EDILIŞI ÝALY(AS-SERVED (A.S.)) – Gaýtadan işlenilenden ýa-da taýýarlanylandan soňra satylan ýa-da kabul edilen iýmit önüminiň agramy ýa-da ölçegi.

BIÇILEN HORAZ(CAPON) – Altydan 10 futa çenli agramly, bişirilmäge taýýar, biçilen broýler horazlary.

KEBAP(KABOB) – Marinada ýatyrylan, çişe(şampura) düzülen  we gowrulan süňksiz et bölekleri.  Taýýarlamaklygyň dürli görnüşleri gök önümleri ulanmaklygy we etiň dürli görnüşleriniň çişde gezekme-gezek goýulmagyny öz içine alýarlar.

GAÝNATMAK(BOIL) – Suwda ýa-da başga suwuklykda taýýarlamaklygy aňladýar, bu usulda köpürjikler üstde görnüp başlaýarlar we gapdan çykýarlar.

TÜSSEDE KAKATMAK(SMOKED) – Közlerden gury tüsse bilen et böleklerine täsir etmek prosesi.  Gaty jynsly (tohumly) agaçlar ulanylýar, ýa-da et daşyndan kakadyjy suwuklyk bilen işlenilýär. Kakadylan önümler gowulandyrylan tagama we ulanmaklygyň haz uzak möhletine eýedirler.  Adatça kakatmak kolbasalar hem-de spesiýalar we konserwantlar goşulan beýleki önümler öndürilende ulanylýar.

KORNUEL TOWUKLARY(CORNISH GAME HENS) – 14-22 unsiýa agramdaky, bişirilmäge taýýar towuklar, käwagt Rock Cornish Hen diýlip hem atlandyrylýarlar.

SÜŇК ÝILIGI(MARROW) – Haýwanlaryň süňküniň içinde ýerleşýän, ýaga meňzeş iýilýän madda.

KOŞER(KOSHER) – Jöhütleriň däplerine görä ritual taýdan işlenilen et we et önümlerini satmaklyk ýa-da porsiýalaýyn hyzmat. Bu adalga Rawwinatyň gözegçiligi astynda soýlan haýwanlara degişli.

BAFFALO GANATLARY(BUFFALO WINGS) – Gök peýnir bilen bezelen, gyzgyn sous bilen güýçli gowrulan jüýje ganatlary. Ganatlar egin böleginden aýyrmak we ganatlaryň ahyrky böleklerini aýyrmak ýoly bilen taýýarlanylýarlar.

TOWUK AÝAKLARY(CHICKEN PAWS) – Towuk aýagynyň horaz syňragynyň azajyk aşagyndan kesilenden soňra galan aşaky bölegi.

TOWUK(HEN) – Guşlaryň käbir görnüşleriniň urkaçy jynsynyň uly ýaşlysy.

TOWUK KETEGI(GROW-OUT HOUSE) – Broýlerleri we hindi towuklaryny inkubasiýa we ösdürmek üçin ulanylýan jaý.

LONG-AÝLEND ÖRDEGI(LONG ISLAND DUCKLING) – ABŞ-da ördekleriň öndürilişi ozal Long-Aýlendde ýerleşýärdi, ähli öndürilen ördekler Long-Aýlendde ösdürilip ýetişdirilen hasap edilýärdi. Olar Hytaýdan import edilen, ak pekin ördejikleriň tohumyndan getirilip çykaryldy.  Long-Aýlend ördekleriniň tapawutlandyrylyşy geografiki taýdan elmydama Nýu-Ýorkuň Long-Aýlendinde ösdürilip ýetişdirilen ördeklerine eltilýär. Häzirki wagtda ak pekin ördekleri, esasan, ýurduň Orta Günbatar we Günbatar regionlarynda ösdürilip ýetişdirilýärler we käwagt Long-Aýlend stilindäki ördekler diýlip atlandyrylmagy mümkin.

MARINADA ÝATYRMAK(MARINATE) – Näzikligini köpeltmek we tagamyny gowulandyrmak maksatlary bilen eti suwuk maddalarda ezmek prosesi.  Marinadlar ösümlik ýagynyň ýa-da suwuň esasynda taýýarlanylyp bilnerler we adatça kislotalary we spesiýalary özünde saklaýarlar.

MEDALÝONLAR(MEDALLlONS) – Uly bolmadyk we ýuwkajyk kesilen ýokary hilli et bölekleri. Adatça bu adalga sygryň, göläniň, doňzuň ýa-da goýnuň çylka et böleklerine degişlidir.

ÝAŞ TOWUK(PULLET) – Yaşajyk urkaçy jynsly entek ýumurtga bermeýän jüýje.

ÝAŞ ETLIK JÜÝJELER(YOUNG МЕАТ CHICKENS) – Adatça broýlerlere degişlidigine garamazdan, bu kategoriýa broýlerleri (bu kategoriýadaky ýaş jüýjeleriň 90 göteriminden köpüni), ýaşajyk rosterleri, Kornuel towuklaryny, kaplunlary we ýaşajyk guşlaryň etiniň başga görnüşlerini öz içine alýar.

ABŞ-nyň OHM-y, dereje A(USDA GRADE А) – ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleriniň inspeksiýasyny geçen, hiliň, ölçegleriň we göz çen ölçegleriniň ýokary ülňulerini kanagatlandyrýan jüýjelere we hindi towuklaryna ulanylýan simwol.

ÝAŞ ROSTERLERIŇ ETI(YOUNG ROASTER CHICKEN) – 6 bilen 8 funt aralykdaky agramda, kulinar gaýtadan işlenişine taýýar, çig görnüşde-de, şeýle hem, doňdurylan görnüşde-de azyk dükanlarynda bölekleýin satuwda satylýan broýler.

SOŇRAKY GAÝTADAN IŞLEÝIŞ ÜÇIN GUŞ ETI (FURTHER-PROCESSEO POULTRY PRODUCTS) – Bişirilmäge, kakadylmaga, bölünmäge, kaklanylmaga, guradylmaga we formasyny, daş görnüşini, gurluş aýratynlygyny ýa-da hilini ýokarlandyrmak boýunça islendik başga prosese taýýar edilen guş etinden önümler. Soňraky gaýtadan işleýiş boýunça önümler naggetsleri, kotletleri, hot-doglary, içleklileri we başga-da ýüzlerçe önümleri öz içine  alýar.

KESILENLER WE FORMA GETIRILENLER (CHUNKED AND FORMED) – Etiň uly bolmadyk bölekleriniň (takmynan 2,54 sm2) birleşdirilýän we forma getirilýän prosesine degişli adalga.   Netijede islenilýän formadaky has uly et önümi alynýar.  Bu proses, esasan, gymmat bolmadyk wetçina we gowrulyp taýýarlanylýan nahar üçin et häzirlenende ulanylýar hem-de uly bolmadyk bölekleriň özara birleşmegine getirýän etiň tebigy ýelmeşikligine daýanýar. Käbir ýagdaýlarda kesilen önümlere forma getirmezden öň duz, suw we ýelmeşikligi işeňňirleýjiler goşulýar. 

SUHARILERDE TOGALAMAK(BREADED) – Iýilýän jisim bilen, adatça un ýa-da daşyna bulamak üçin suhari uny bilen 30 göterime çenli örtülen önüm. Önüm, daşyna bulamaklygyň tagamyny güýçlendirmek üçin ilki bilen ýagda ezilip bilner.

TOGALAMAK ÝA-DA GATY GYZDYRYLAN ÝAGDA BAŞDAKY TAÝÝARLYK (ВRЕАDЕD AND PRE-BROWNED (BREADING SET IN НOT OIL)) – Togalanan, gaty gyzdyrylan ýag bilen başda gaýtadan  işlenilen, ýöne doly taýýar däl önümler, önümiň entek doly taýýar däldigini ýa-da gabynda taýýarlamaklygyň görkezmelerini bermek üçin “sarp edilmegine taýýar”  statusy ýa-da başga meňzeş adalga  bilen belgilenilýärler.

GOWURMAK(PANFRY) – Ýagyň uly bolmadyk möçberinde taýýarlamak.

ÜSTÜNDE IŞLEMEK(CURED) – Eti saklamak, ýagny, duzlamak, kakatmak, guratmak ýa-da ýetişdirmek prosesi.

NATRIÝ ORTOFOSFADY(TSP) – Guşdaky zyýanly maddalary zyýansyzlandyrmak üçin ulanmaga rugsat berlen ergin.

DERIDEN ÇYKARYLAN(ŞAKGALANAN)(DRESSED) – arassalanan, ütülen, iç-goşlary aýrylan, satylmaga taýýar guş eti. “Ulanylmaga taýýar” (RTC - ready-to-cook) diýlip hem atlandyrylýar.

ÝENJILEN KOTLET, GUŞ(CUTLET, POULTRY) – Kotletler bitin myşsadan böleklere kesilen bolup hem, taýýar bolup hem bilerler.  Bu ýagdaýda kotletiň markirowkasy önümiň guş kotletidigi, çapylandygy we forma getirilendigi barada anyk sypatlandyrma bermeli.

OTELLER, RESTORANLAR WE GURAMALAR (HRI) – Azyk senagatynyň sinonimi hökmünde ulanylýar.

SUHARI BILEN DAŞYNY BULAMAK(BREADED) – Iýilýän jisim, adatça un ýa-da külkelenen (bulamak üçin) suhari bilen etiň agramynyň 30%-e çenli möçberde örtülen önüm. Togalamakdan öňürti, ete owuntyklaryň ýelmeşmegini gowulandyrmak üçin, önümi suwuk ýaga batyrýarlar.

GAZ BAGRYNDAN PAŞTET(FOIE GRAS) – semredilen öý guşunyň, köplenç, gazyň ýa-da ördegiň bagry.

ÖŇKI ÇÄRÝEK (FOREQUARTER) – Sygyr ýarym läşiniň öňki ýarysy, oňa kebze, kükrek, arka, döş eti  we öňki aýak ýaly bölekler girýär. Oňa ýene-de 1-nji 12-njä çenli gapyrgalar hem girýär.

ÖŇ TARAP(FORESADDLE) – Goýun ýa-da sygyr läşiniň çärýeklere bölünmedik öňki bölegi.

GOWRULANDA GARMAK(STIR FRY) – Etiň kiçijik böleklerini ýagyň azajyk mukdarynda güýçli otda, adatça, güberçek düýpli gazanlarda taýýarlamak usuly.  Et hemişe garylyp durulmaly we ol gysga wagtda taýýar edilýär.

PER(FEATHER) – Guşün ähli göwresini ýapýan gaty gurluşly örtük. Ol gaýtadan işleýişiň birinji tapgyrynda läşiň üstünden aýrylýar (ütülýär).

HORAZ(COCK) – Erkek jynsly towuk horaz diýlip atlandyrylýar. Gaýtadan işleýän senagatda läşiniň  ilkinji nobatda ulanylýandygy sebäpli bitin guş ýa-da onuň aýry bölekleri adatça elýeterli däldir.

HORAZ(ROOSTER) – Seret Cock.

NÝU-ÝORKÇA(NEW YORK-DRESSED) – Gany we perleri aýrylan aw guşy. Hindi guşlary muňa degişli däldir.

GOWRULANDA ET ÜCIN JAZ(BASTE) – Etiň gurylygyny aradan aýyrmak we ýakymly yslary bermek üçin taýýarlanylýan wagtynda eti suwuklyk bilen çyglandyrmak.

GYZARDYP BIŞIRMEK(SEAR) – Taýýarlamaklygyň başlangyç etaplarynda intensiw ýylylyk bilen gysga wagtlaýyn täsir etmek ýoly arkaly ete goňurrak öwüşgin bermek.  Gyzardyp bişirmegiň maksady – myşsanyň daşarky kletkalarynyň denaturasiýasy arkaly etde saklanýan soklary “gabamakdyr”.

IÇ-GOŞLAR(GIBLETS) – Bagyr, ýürek we guş karkasynyň ikinji garny. Bular bilen köplenç bile gaplanylýan guşuň boýny iç-goş däldir.

IÇ-GOŞLARYNY AÝYRMAK(EVISCERATION) – Içki organlaryny aýyrmak prosesi.

IÇ-GOŞLARY AÝRYLAN ET JÜÝJESI(BROILERS) – Et önümleri üçin ýetişdirilen ýaş jüýjeler. Broýler we fraýer adalgalary deňgüýçlidirler.

ÖNÜMIŇ HILINIŇ GÖZEGÇILIK MAKSATNAMASY(ÖHGM(PRONOUNCED HASSUP)) – Kritiki ýagdaýlar we meseleler ýüze çykarylýan we gerekli howpsuzlyk çäreleri kabul edilýän ulgam.

SATUW AGRAMY(МАRКЕТ WEIGHT) – Guşuň gaýtadan işlenenden (ütülenden, iç-goşlary aýrylandan we arassalanyndan soňra) soňraky agramy. Bu Soýlan agramy ýa-da Taýýar agramy (RTC) hem diýlip atlandyrylyp bilner.

PROTEIN(PROTEIN) – Adam organizminiň boý almagy we ösmegi üçin gerekli iýmitlendiriji komponent. Haýwanlardan alynýan iýmit doly ýokary hilli proteiniň iň gowy çeşmesidir, sebäbi ol dokumalary döretmek, goldamak we dikeltmek hem-de infeksiýalara we kesellere garşy organizmiň goraýyş mehanizmlerini güýçlendirmek üçin sekiz sany çalşyp bolunmaýan  aminokislotalary gerekli proporsiýalarda özünde saklaýar.

ETI PUDARLAMAK PROSESI(MSP) – Guşy mehaniki usulda bölmek. Bu, süňkleri myşsa dokumalaryndan we karkasdan ýa-da bölekleri guşuň karkasyndan mehaniki aýyrmaklyga sezewar edilen  guşdan bolan başlangyç materiallara we iýmit önümlerine degişli. MSP etiketkada Mehaniki pudarlanan jüýjeler ýa-da hindi towuklary görnüşde bellenilmelidir.

PUSSIN(POUSSIN) – Däneli ekinler bilen iýmitlendirilip ýetişdirilen kiçijik jüýje.

SALMONELLA(SALMONELLA) – Salmonella bu 2000-den gowrak sanly topara ulanyp boljak adalga, olar görnüşi boýunça natural bakteriýalara golaý ýerleşendirler we daş-töwerek gurşawynda hemme ýerde diýen ýaly bardyrlar. Yssyz tagamsyz salmonella taýýarlanylmadyk önümleriň ähli görnüşlerinde bardyr. Taýýarlanyş prosesinde bakteriýa ýeňillik bilen ýok edilýär.

SANITAR ÝAGDAÝY(WHOLESOMENESS) – Patogen mikroorganizmlerden we beýleki zyýanly bakteriýalardan arassalanyşa degişlidir. Bu işleri geçirmek haýwanlaryň saglyk soraglary hem-de  ýüklemekligiň we saklamaklygyň gerekli sanitar şertleri tarapyndan orta atylýandyr.

IÖHGG(FSIS) – Iýmit önümleriniň howpsuzlygy we gözegçiligi Gullugy

TER(FRESH) – Doňdurylmadyk, konserwantlar we spesiýalar bilen gaýtadan işlenilmedik ýa-da kakadylmadyk ete degişli düşünje.

ERKIN ÖRÜDE SEMRETMEKLIK(FREE RANGE) – Fermada, towukhanada gabalman, uly meýdanda erkin gezmek bilen ösdürilip ýetişdirilen Hindi ýa-da adaty towuklary. Şu usul bilen ösdürilip ýetişdirilen towuklar uly bolmadyk sürüleriň bölegidirler, olar diňe ýönekeý däne ösümlikleri ýa-da gödek iýmler bilen iýmitlenip bilýärler.

BAGLAÝJY MADDALAR(BINDERS) – Önümiň gurluşyny we formasyny düzlemek, berkitmek we üýtgetmek üçin ulanylýan, ulanmaga ýaramly we synagdan geçirilen maddalar.

FORMALANAN, DYKYLAN, SYNÇGYLANAN(FORMED, MOLDED, PRESSED) – Etden togalaklar, bulkalar we ş.m. ýasamak üçin formalanan, dykylan, synçgylanan çapylan guş eti, guşuň bölekleri.  

GARA ET(DARK МЕАТ) – Hindi ýa-da adaty towugyň gaýtadan işlenilen gara eti, aýaklary, butlary, butlaryň gaýtadan işlenilen etleri.

LÄŞ(CARCASS) – Deriden çykarylan we eti pudarlanan haýwan. Sygyr we doňus läşlerini arka oňurga boýunça çapyp iki ýarym läşe bölýärler. Goýun läşi bitinleý goýulýar. Bazarlara läşler kellesiz,  derisiz we içki organlary aýrylyp getirilýär (doňuz läşlerinde beýle däl).

ETI BUGLAP BIŞIRMEK(BRAISE) – Et ilkibaşda ýagyň azajyk mukdarynda gyzardyp bişirilip, soňra suwuň azajyk mukdary goşulyp, gapakly gapda ýuwaşjadan taýýarlanmak görnüşindäki kulinar gaýtadan işlenilişi. Buglama – çygly gyzgyn usuldyr, ol adatça,  has gaty bölekleri gaýtadan işlemek üçin ulanylýar.

ÖRDEK PRESI(DUCK PRESS) – Guşdan ähli soklary/suwuklyklary basyp çykarmak üçin ulanylýan kulinar guraly.

FILE(FILET/FILLET) – Bir ölçegdäki, agramdaky we formadaky gowurmak üçin niýetlenen porsion etiň (bifşteksler) süňksiz tekiz bölekleri. Alyjynyň görkezmesi boýunça olar mehaniki usulda ýumşadylyp bilner.

FRAÝER(FRYER) – Soýmak üçin ösdürilip ýetişdirilen ýaş jüýje. Adalga adatça broýler sözi bilen özara çalşylyp bilner.

HALAL WE ZABIA HALAL(HALAL AND ZABIAH HALAL) – Yslamyň kanunlary boýunça ritual taýdan gaýtadan işlenilen et we et önümleriniň satuwy ýa-da porsion hyzmaty.

SELLOFAN ÖRTGI(SHRINK WRAP) – Etiň formasyny ýa-da karton gaby jebis gurşaýan plastic öz-özi ýelmeşýän material.

BITIN JÜÝJE(WHOLE CHICKEN) – Iç-goşlary we eti bar bolan, kesilmedik, gaýtadan işlenişe taýýar jüýje. 

BÖLEKLER(PARTS) – Bişirilmäge taýýar towuk aýaklary (uýluklar we injikler), kükrekler ýa-da ganatlar.

GUŞUŇ DÖŞ SÜŇKÜNIŇ BÖLEKLERI(WISHBONE PORTION (PULLEY BONES)) – Olar kükrek süňkleriniň bölekleri, myşsalar we deri bilen örtülen blok süňklerinden durýar, boýnun derisi muňa girmeýär.  Islendik bitin kükrekden bir porsiýasy alnyp bilner. Porsiýanyň içine döş süňküniň ahyry girip biler, bölmeklik çyzygy kükrek süňki bilen oňurganyň takmynan ortarasyndan geçýär we kükrek bilen eginleriň birleşýän nokadyna çenli barýar.

ÝAPON KÄKILIGI(JAPANESE QUAIL) – Önüm berýän käkiligiň görnüşi.

SJS USA, INC.
U.S. Headquarters
311 North Robertson Blvd., Suite 800, Beverly Hills, California 90211 U.S.A.

E-Voice: +1.323.395.0770
E-Fax: +1.323.395.0707